„Hukuk Dünýäsi” ýuridik kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde ýerli, daşary ýurtly we döwlet edara-kärhanalaryna ussatlyk derejesindäki hukuk hyzmatlaryny bermäge ýöriteleşdirilen.
Biz müşderilerimize, iň bir çylşyrymly hukuk meselerini çözmekde, kömek etmäge çalyşýrys.
„Hukuk Dünýäsi” ýuridik kompaniýasy esaslandyrylan pursatyndan başlap, özüni müşderilere, ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanatmak bilen, işinde ýuridik hyzmatlaryň hilli, möhletlere laýyk we netijeliligini, elmydama üns merkezinde jemledi.
„Hukuk Dünýäsi” ýuridik kompaniýasyny esaslandyryjylaryň we onuň ussat işgärleriniň döwlet guramalarynda, ministrliklerde, pudaklarda, hukuk goraýjy edaralarda, döwlet nebitgaz kompaniýalarynda, şeýle hem ykdysadyýetiň gaýry böleklerinde işlemek bilen bagly, saldamly we uly iş tejribeleri bar.
Biziň hukukçylarymyz, uly we köptaraplaýyn tejribelerini utgaşdyryp, kanunyň her bir talabyna we hukuk edebine yhlasly bolup, dürli ykdysady, işewürlik, söwda we maýa goýum taslamalary boýunça maslahat bermek işlerini alyp barýarlar.
„Hukuk Dünýäsi” ýuridik kompaniýasy döredilen pursadyndan bäri, ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryna işewürlik şertnamalary baglaşmagyň öňisyrasyndaky, arbitraž we arbitraža çenli işleriň ýagdaýlaryny deslapdan seretmek-de we hukuk taýdan seljermekde, köp işleri ýerine ýetirdi.
„Hukuk Dünýäsiniň” korporatiw hyzmatlaryny amala aşyrýan müşderileriniň sanawynda, hyzmat edýän, önüm we enjam bilen üpjün edýän kompaniýalar bolmak bilen, olaryň hatarynda aşakda görkezilen dürli pudaklaryň hem wekilleri bar:
· Nebit we gaz;
· Energetika we tebigy baýlyklar;
· Maliýe sektory;
· Telekommunikasiýa we habar beriş serişdeler;
· Saglygy goraýyş;
· Taslama işleri we enjamlary öndürmek;
· Azyk senagaty;
· IT we programma üpjünçiligi;
· Halkara söwda we eksport gözegçiligi;
· Gozgalýan we gozgalmaýan emläkler.
Biziň hukukçylarymyz we hünärmenlerimiz, standartlaryň we kanunçylyk namalarynyň ulanylmagyna netijeli çemeleşmeleri işläp düzmek boýunça, adalat edaralarynyň we kanunçylyk ulgamynyň bilermenleriniň gatnaşmagyndaky maslahatlara, konferensiýalara we şol sanda çekişmelere, işjeň gatnaşýarlar.
Müşderilerimiz, bizi dürli meseleleri çözmeklige, şol sanda maliýe, öwezini dolmak, bergini üzdürmek meselelerini we olaryň bähbitlerini döwlet edaralarynda wekilçilik etmeklige, çagyrdylar.

Biziň hukukçylarymyz we hünärmenlerimiz bir agzybir topar bolup, öz işlerini, döwlet türkmen we rus we iňlis dillerinde taýýarlanýan resminamalarynyň dürli görnüşlerini, düşündirişleri, hukuk seljermesini, jedelleşilýän tarapyň delilleriniň esassyzlygyny sowatly beýan etmek, kassasion we gaýry häsiýetli resminamalary taýýarlamaga sarp edilýän wagty gysgaltmaklyga, gönükdirýärler.
Biz, „Hukuk Dünýäsi”, müşderimiziň jedel edýän tarapyny jenaýat we edara ediş tertibinde yzarlamak ýa-da onuň özüni uzaga çekýän, köp çykdaýjyly arbitraž kazyýet iş önümçiligine sezewar etmek maksatlary, öňümizde goýmaýarys, we öz ünsümizi, taraplaryň maliýe meselelerini düzgünleşdirip biläýjek çözgütleri tapmaga, borçlaryň ikitaraplaýyn hem aýrylmagyna, bergileri ýok etmäge, harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň bahasynyň öwezini doldurmaga, iň esasy zat, özara düzgünleşdirmegiň islendik kanuny usullaryny tapmaklyga, gönükdirýäris.
Geçen tejribe ýolumyzda, biz kem-kemden, jenaýat we edara ediş hereketlerine we şertnama taraplarynyň ylalaşmaklygyna sarp edilýän wagty we harajatlary, hem-de möhletleri kemeldip, hereketlerimizi esasan, ylalaşmaklygyň ähli mümkin bolan görnüşlerini seljerip, meseläniň hakykat ýüzünde çözülmegine getirmekligine, gönükdirdik.
Bank, maliýe we walýuta nukdaýnazardan hukuk taýdan seljermek we biziň müşderilerimiziň bergilerini arbitraž we özara ylalaşmak ýolllary arkaly çözmek, biziň ýerine ýetirýän hukuk hyzmatlarymyzyň wajyp bölegi bolup durýar.
Şol bir wagtda „Hukuk Dünýäsi” walýuta hümmeti we maliýe bazarynyň ýagdaýy sebäpli kynçylyklary öz üstünden geçiren, baglanşylan şertnamalaryň çarçuwasynda, taraplarynyň sazlanan aragatnaşyklarynyň durnukly bolmaklygyny we olary kämilleşdirmegi, öz üns merkezinde saklaýar.
„Hukuk Dünýäsiniň” hukukçylary hökümet edara düzümleri bilen netijeli özara gatnaşygy saklamak bilen, islendik görnüşdäki çylşyrymly meseleleri çözmeklige ussatlyk bilen çemeleşip, öz müşderileriniň işewürligini durnuklylygy we işjeň hereketlenmegi üçin, zerur şertler döredýärler.
Biziň teklip edýän we ýerine ýetirýän hukuk hyzmatlarymyza korporatiw hukugy, gönümel maýa goýumlar, arbitraž, salgyt, zähmet we migrasiýa kanunçylygy, ygtyýarlandyrmak we rugsat almak ugurlary girýärler, emma biziň işlerimiz diňe olar bilen çäklenmeýär.
Baş üstüne, kompaniýamyzyň ýerine ýetirýän gyzmatlarynyň görnüşleri barada has giň maglumatlary almak isleseňiz, biziň saýtymyzyň „Hyzmatlar” babyna giriň.
Biz, işewürligiň we maliýe ulgamynyň dürli böleklerinde ýeterlik iş tejribämiz bolup, ýerli aýratynlyklar bilmeklik bilen, pudaklaryň dürli görnüşli kanunçylygynda hereket edýän halkara nebitgaz we energetiki kompaniýalara, hyzmat edýän, gurluşyk we gaýry kompaniýalara, salgyt, korporatiw hukugy, zähmet we beýleki kanunçylyklary boýunça, maslahat berýäris, müşderilerimize peýda getirmäge çalyşmak bilen, olaryň öňünde goýn maksatlaryna üçin iň bir netijeli usul bilen ýetmekleri üçin, goldaw berýäris.
Eger-de sizde haýsydyr bir mesele bar bolsa, olary çözmekligi maslagatlaşmak üçin, biz bilen aragatnaşyga çykyň.